Goralýan hem öwrenilýän baýlyk

20 Aprel 2022
1166

Türkmen tebigatynyň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Ol bahar paslynda has-da owadan keşbe girýär. Hut şeýle ajaýyp günlerde Repetek döwlet biosfera goraghanasynda «Garagum sährasy — gözelligiň asyl nusgasy» atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Bu tutumly çärä Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, goraghananyň işgärleri, şeýle-de welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde welaýat bölümimiziň hünärmeni Enejan Döwletowa, goraghananyň uly ylmy işgäri Nurmyrat Döwletow, goraghananyň gorag bölüminiň başlygy Guwanç Saparow dagy çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligi, onuň ylmy taýdan öwrenilişi we goralyşy hakynda giňden durlup geçildi. Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň okuw nokadynyň mugallymy, içerki gullugyň leýtenanty Agajan Weliýewiň çykyşy bolsa sähralarda we öri meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça öňde durýan wezipelere bagyşlandy. Bu mesele howanyň gyzyp başlamagy bilen möhüm ähmiýete eýe bolýar. Çärä gatnaşyjylar goraghanada tebigatyň bahasyz baýlyklaryny ygtybarly goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdylar. Olaryň goraghanada döredilen muzeýe eden gezelençleri hem täsirli boldy.

Sähra SAÝDALIÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.