"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Hoşniýetlilik, işjeňlik, ygtybarlylyk

13-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Munuň özi netijeli işewürlik gatnaşyklaryny, maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

11-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

11-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň, geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek, çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti meşhur Registan meýdançasyna bardy

Şu gün — Özbegistana döwlet saparynyň ikinji gününde Samarkantda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu şäheriň iň meşhur künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna baryp gördi we onuň çägindäki desgalaryň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy. Samarkant — syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän gözel künjekleriň şäheri. Onuň çäginde şeýle ýerlere her ädimde duşmak bolýar. Meşhur Registan meýdançasy bolsa Samarkandyň özboluşly nyşany hökmünde tanalýar.

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady

Şu gün — Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde dostlukly ýurduň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralady. Şunda sapar wagty belent mertebeli türkmen myhmanynyň ýanynda bolmak üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hem Samarkanda gelendigini nygtamaly.  Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Türkmenistanyň Prezidenti Teýmirleňiň mawzoleýine baryp gördi

Şu gün Özbegistanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýene birine — Teýmirleňiň mawzoleýine baryp gördi. «Gur-emir» ady bilen meşhur bolan bu arhitektura ýadygärligi orta asyr Gündogarynyň naýbaşy binagärlik desgalarynyň biri hasaplanýar.    Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mawzoleýiň gurluşygy bilen bagly maglumatlar bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantdaky meşhur obserwatoriýa baryp gördi

Şu gün Özbegistanda iki günlük döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy künjeginde — Samarkant şäherinde bolup, onuň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere baryp gördi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Ulugbegiň meşhur obserwatoriýasyna syn etmek bilen, orta asyrlara degişli bu özboluşly desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy

Aşgabat — Daşkent, 14-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   Hormatly Prezidentimiz nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň geljegi barada pikir alyşmaga oňat mümkinçilikdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribeleri paýlaşmagyň, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ýygjam, başlangyçly özara hereketler iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda soňky ýyllarda döwletleriň parlamentleriniň palatalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde durnukly parlamentara dialogyň ýola goýlandygy, hünärmenler derejesinde aragatnaşygyň mehanizmleriniň herekete getirilendigi, yzygiderli esasda wekiliýetleriň alyşmalarynyň guralýandygy aýratyn bellenildi.

Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy: ileri tutulýan ugurlar

14-nji iýulda geçirilen Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda nobatdaky saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy hem-de medeni taýdan umumylygyna, mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi. Bilelikdäki Beýannamada türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän wezipeler dolulygyna beýan edilýär. Hususan-da, taraplar ýokary we iň ýokary derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň, iki döwletiň daşary syýasy işini utgaşdyrmagyň hem-de häzirki zaman howplaryna we wehimlerine bilelikde garşy durmak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetine-de aýratyn üns çekildi. Resminamada Özbegistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçiriljek mejlisi

Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi hem-de türkmen we türk halklaryny tüýs ýürekden gutlap, bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge hem-de külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň hem-de geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary

Türkmenistan Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge taýýardyr

Şu ýylyň geçen bäş aýy boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda demir ýol ulagynda ýük dolanyşygynyň möçberi 15 müň wagona, awtomobil ulagy boýunça hem 17 müň wagona deň boldy. Bu barada şu gün Daşkentde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamynda aýratyn nygtaldy. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde hormatly Prezidentimiz biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň umumy maksada — Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwatly, döwrebap infrastrukturalary döretmäge gönükdirilmelidigini belledi. Hususan-da, Türkmenistan Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.

Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmak baradaky teklibi hödürleýär. Bu barada şu gün geçirilen ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda habar berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek tarapynyň degişli başlangyjy goldajakdygyna ynam bildirdi.   Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şol bir wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini-de nygtady. Türkmen tarapy bu teklibiň hem goňşy Özbegistan tarapyndan goldaw tapjakdygyna bil baglaýar.

Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi

Şu gün Daşkentde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. «Kuksaroý» köşgüniň metbugat maslahatlary otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Özbegistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistan we Özbegistan — sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň tarapdarlary

Merkezi Aziýa sebitinde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek şu gün Daşkentde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmegiň depginini çaltlandyrmagy, onuň çäginde iri halkara infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagyny, söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi, uzak möhletleýin esasda daşarky maýa goýumlary çekmegi sebiti yklymda ykdysady taýdan ösen merkezleriň birine öwürmek boýuça tagallalaryň üstünliginiň kepili hökmünde görkezdi. Şu babatda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli syýasy mehanizmleriň, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze nusgalarynyň döredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny hereket edýän we netijeli gural hökmünde görkezdi. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşinde duşuşyklaryň eýýäm üçüsi geçirilip, olar öz wagtynda guraldy.

Serdar Berdimuhamedow özbek Lideri bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. «Kuksaroý» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.  Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

Şu gün — 14-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň maksatnamasyna laýyklykda, «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýere Daşkentde bolýan Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem ýygnandylar. Ýadygärligiň etegine gül dessesi goýlup, hormat bildirilenden soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Garaşsyzlyk» ýadygärligi hem-de onuň aýratynlyklary barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana sapar bilen geldi

Şu gün — 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji sapary mynasybetli doganlyk ýurduň Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny özbek tarapynyň resmi wekilleri garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi

Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy. Şeýle hem jenap Suheil Al Mazrui BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirip, Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. 

Türkmenistan — Özbegistan: gadyrly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda sözlän sözünde: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagy daşary syýasatymyzyň strategik wezipesi hökmünde kesgitledi. Aýdylyşy ýaly, dünýä uzaýan dostluk ýollary goňşy öýünden — iň ýakyn serhetdeş ýurtlarymyzdan başlanýar. Şol ýurtlar hakynda oýlananyňda, bada-bat goňşy Özbegistanyň, doganlyk özbek halkynyň göz öňüňde janlanmagy tebigy ýagdaý bolsa gerek. Özbegistan Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren ýurt hökmünde tanalýar. Bu toprak Gyzylgumuň gyzgyn çägeleri, Týan-Şan daglaryndan öwüsýän salkyn howasy, düýbi görnüp duran arassa kölleri, suwy bal ýaly diýdirýän derýalary, düzlükleridir ýaşyl çemenlikleri, Buharasydyr Samarkandy, köpöwüşginli medeniýeti, halkynyň myhmansöýerligi bilen hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistan üçin bolsa Özbegistan i