Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi

14 Iýul 2022
738

Şu gün Daşkentde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

«Kuksaroý» köşgüniň metbugat maslahatlary otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, hormatly Prezidentimiziň Özbegistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.