Ekizleriň syrly dünýäsi

7 Awgust 2024
236

Mälim bolşuna görä, ekizler bir-birine meňzäbem, meňzemänem bilýärler. Bu tohumlanan ýumurtga öýjüklerine bagly bolup durýar. Bir tohumlanan ýumurtga öýjüginden döräp, bile önüp-ösen, soňra ikä bölünip, hersi aýratyn bedenjige öwrülen ekizler birmeňzeş genler we hromosomlar toplumyna eýe bolýarlar. Olaryň jynsy, saçynyň, gözüniň reňki, gan topary birmeňzeş bolýar. «Bir almany ikä bölen ýaly» diýdirýän bu ekizler lukmançylykda «bir ýumurtga öýjüginden dörän monozigot ekizler» diýlip atlandyrylýar.

Şol bir wagtda iki ýumurtga öýjügi tohumlananda dürli genotipli ekizler dogulýarlar. Olar özleriniň ene-atalaryndan dürli genler we hromosomlar toplumyny alýarlar. Şoňa görä, olaryň bir-birine meňzemezligi, hatda dürli jynslara degişli bolmagy hem mümkindir. Bu ekizleriň biri ejesine, beýlekisi kakasyna meňzäbem bilýär. Olaryň saçynyň, gözüniň reňki, gan toparlary (tötänden gabat geläýmese) dürli-dürli bolýar. Ylmy maglumatlara görä, monozigot ekizler mydama şol bir jynsa (gyz ýa-da oglan) degişli bolup, olaryň genler we hromosomlar toplumy 100% gabat gelýär. Dizigot ekizlerde bu görkezijiler 50%-e barabar bolýar.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany.