Ýaşaýşyň gözbaşy

7 Awgust 2024
130

Ýer şarynda ýaşaýan ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň, şeýle-de ynsan bedeniniň köp böleginiň suwdan durýandygy alymlar tarapyndan anyklanandyr. Suwsuz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki dürli maglumatlara görä, adam suwsuz 3-5 günden artyk oňup bilmeýär.

Suw adam bedenindäki maddalaryň alyş-çalşyna gatnaşýar we bedeniň gyzgynlygyny belli bir derejede saklaýar. Şonuň üçin hem uly adamlara günüň dowamynda 2,5-3 litre çenli suw içmek zerurlygy bardyr. Yssy howada ýa-da çyglylyk ýokary bolsa, şeýle-de adam sport bilen meşgullananda bedendäki suwuň ýitgisi ulalýar.

Maksat AMANNEPESOW,
Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.