Tiz kömek merkezi — döwrebaplygyň nusgasy

7 Awgust 2024
158

Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen saglyk merkezleriniň her biri ajaýyp binalary hem-de ýokary derejeli lukmançylyk enjamlar bilen üpjünçiligi boýunça has-da tapawutlanýar. Bu döwrebap saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak babatynda ähli şertleriňdir mümkinçilikleriň döredilendigini buýsanç bilen bellemek isleýäris. Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi hem ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzyň saglygyny goramak barada edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäherindäki döwrebap binaly Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, okuw bölümlerinden ybaratdyr.

Şöhratniýaz MEREDOW,
Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkeziniň direktory.