Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan, möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň özboluşly milli nusgasy halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy maksady, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlar üçin saglygy goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri, şertleri üpjün etmek, saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribelerine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Maksatnamada raýatlaryň saglygyny ömrüniň ähli döwründe goramak, olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşy bilen baglylykda döräp biljek keselleriň öňüni alyş we bejeriş işlerini ýola goýmak ýaly garaýyşlar hem orun alýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalar hem strategiýalar döwrüň talaplaryna we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli kabul edilýär. «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy»; «Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy»; «2021–2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasy»; «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023–2028-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýaly maksatnamalardyr strategiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işleriň ýola goýulmagy netijesinde türkmen hünärmenleri Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösen lukmançylyk merkezlerine hünärini kämilleşdirmäge ugradylýar. Saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgam barha işjeň ornaşdyrylýar, maglumatlary alyşmak üçin göni sanly aragatnaşyk ulgamy peýdalanylýar. «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Kanunyň esasynda döredilen Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň işi hem dünýä standartlaryna laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.