Türkmen edebiýatynyň şamçyragy

7 Awgust 2024
116

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Magtymguly Pyragynyň Astana şäheriniň gözel künjegindäki ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň goňşy döwletiň paýtagtyna görk bermegi şahyryň paýhas ummanyna gazak halkynyň uly hormat, sarpa goýýandygyna şaýatlyk edýär.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, milli medeniýetini ösdürmekde örän uly işleri bitiren beýik akyldardyr. Beýik şahyryň edebi mirasy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Şonuň üçin şahyryň şygyrlary daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edildi. Şeýlelikde, Magtymgulynyň döredijiligi baradaky söhbet eýýäm ençeme wagt bäri dowam edip gelýär, özem şunda şahyryň çuň manyly, köptaraply döredijilik mirasyna akyl ýetirmek, goşgularynyň mazmunyny öwrenmek ugrundaky ylmy gözlegler, pikir-garaýyşlar barha kämilleşýär. Magtymguly Pyragyny öwrenijiler dünýäniň ähli yklymynda diýen ýaly bar. Olaryň ählisi-de türkmen şahyrynyň ussatlygynyň öňünde baş egýärler. Beýik şahyryň goşgularyny ylmy jemgyýetçilige tanyşdyrmakda, paýhasly pikirleriniň ýaýylmagy üçin şert döretmekde her ýyl geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň hyzmaty diýseň uludyr.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.