Kelleçanak basyşy ýokarlanýar: munuň sebäbi nämekä?

7 Awgust 2024
176

Keseliň döreýşi

Mälim bolşuna görä, kelleçanagyň düzümi beýniden (80%), likwordon, ýagny, beýni suwuklygyndan (10%), gandan (10%) ybaratdyr. Beýni, gan, esasan likwor kelleçanagyň içki basyşyny esaslandyrýar. Likwor (beýni suwuklygy) beýniniň geçiriji ýollary boýunça belli bir tizlikde we basyş astynda hereket edýär. Bu hereketiň dowamynda likworyň bir bölegi gana geçýär. Onuň deregine täze likwor emele gelýär. Likworyň gana geçmegi haýallaşanda ýa-da onuň täzeden öndürilişi işjeňleşende bu suwuklygyň umumy mukdary köpelip, kelleçanakda basyş ýokarlanýar. Diňe bir likworyň kadadakydan köpelmegi däl-de, eýsem, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy, beýni çişleri hem kelleçanakda basyşyň ýokarlanmagyna getirip bilýär. Beýni iriňlemesinde (absses) we gan öýmelerinde, meningitde (beýni hem-de oňurga ýiliginiň perdeleriniň gaýnaglamasy), subarahnoidal gan inmede, neýroinfeksiýalarda hem kelleçanak basyşy ýokarlanýar. Kortikosteroidler toparyna degişli dermanlaryň, gormonal kontraseptiwleriň, antibiotikleriň dowamly kabul edilmeginiň gipertenziw sindromyň döremegine itergi berip bilýändigini bellemeli.

Gülşirin ÝAZLAKOWA,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň umumy newrologiýa bölüminiň müdiri.