Parahatçylykly ösüşiň dabaralanmagy

7 Awgust 2024
145

Dost-doganlykly hem-de parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap alan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha artýar. Ak mermerli paýtagtymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sapar bilen gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda saparda bolan belent mertebeli myhman bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sebitde we dünýäde hoşniýetli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalar esasynda yzygiderli berkidilýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady.

«Saglyk».