Bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda türkmen halkyna yzygiderli buýsançly wakalaryň şaýady bolmak bagty miýesser edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagynyň şanly bir ýyllygynyň baýramçylygy hem uly dabara beslendi. Arkadag şäheri häzirki wagtda ilatyň ýaşamagy üçin ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýan, dürli derejeli ylmy-medeni ojaklaryň, saglyk merkezleriniň we beýleki döwrebap desgalaryň mekany hökmünde halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň hem-de tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän Arkadag şäheri ýurdumyzda ekologik abadançylygy saklamaga, arassa tebigy gurşawy döretmäge, döwrebap, ýokary derejeli durmuş şertlerini kemala getirmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýmaklary sebitde ýeke-täk «akylly» şäheriň – Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli uly sowgat boldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde halkymyzy buýsandyrdy. Asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy bolsa ähli bilim işgärleri, professor-mugallymlary, talyplary üçin ajaýyp sowgatdyr.