Lukmançylyk klasteri: innowasion tehnologiýalar, giň mümkinçilikler

7 Awgust 2024
150

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly başlangyçlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.

Eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşlerini dünýä ýaýýan sebitde ilkinji sanly tehnologiýalaryň merkezi bolan Arkadag şäheri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerini bütin dünýä ýaýmak bilen Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň tebigatyň ajaýyp künjeginde bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döredýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.

«Saglyk».