Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

7 Awgust 2024
142

Waksinalar bilen dolandyrylýan ýokançlar — bu öňüni alyş sanjymlary bilen öňi alynýan ýokançlardyr. Köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlary bolsa kesel döredijiniň ýaýrawyny azaldýar we hatda onuň eliminasiýasyna (keseliniň düýpleýin ýok edilmegi) getirip bilýär.

Bütin dünýäde öňüni alyş sanjymlary ýokançlara garşy göreşde has netijeli we elýeterli serişde hökmünde ykrar edildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maslahatlary boýunça ýokanç keselleriň agyr görnüşlerini ýok etmek, azaltmak we öňüni almak üçin öňüni alyş sanjymlary bilen çagalaryň azyndan 95%-ni, uly ýaşly ilatyň azyndan 90%-ni gurşap almak zerur bolýar.

Jeren GURDOWA,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusologiýa barlaghana bölüminiň lukmany.