Serdar Berdimuhamedow özbek Lideri bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi

14 Iýul 2022
718

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. «Kuksaroý» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

 Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.