Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady

15 Iýul 2022
671

Şu gün — Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde dostlukly ýurduň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralady. Şunda sapar wagty belent mertebeli türkmen myhmanynyň ýanynda bolmak üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hem Samarkanda gelendigini nygtamaly. 

Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

«Türkmenistan»
Samarkant ş.