Türkmenistan Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge taýýardyr

14 Iýul 2022
792

Şu ýylyň geçen bäş aýy boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda demir ýol ulagynda ýük dolanyşygynyň möçberi 15 müň wagona, awtomobil ulagy boýunça hem 17 müň wagona deň boldy. Bu barada şu gün Daşkentde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamynda aýratyn nygtaldy.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde hormatly Prezidentimiz biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň umumy maksada — Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwatly, döwrebap infrastrukturalary döretmäge gönükdirilmelidigini belledi. Hususan-da, Türkmenistan Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňryk Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy bolan ulag geçelgesini ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere taýýardyr.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.