Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

15 Iýul 2022
836

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Hormatly Prezidentimiz nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň geljegi barada pikir alyşmaga oňat mümkinçilikdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribeleri paýlaşmagyň, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ýygjam, başlangyçly özara hereketler iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda soňky ýyllarda döwletleriň parlamentleriniň palatalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde durnukly parlamentara dialogyň ýola goýlandygy, hünärmenler derejesinde aragatnaşygyň mehanizmleriniň herekete getirilendigi, yzygiderli esasda wekiliýetleriň alyşmalarynyň guralýandygy aýratyn bellenildi.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.