Türkmenistanyň Prezidenti meşhur Registan meýdançasyna bardy

15 Iýul 2022
822

Şu gün — Özbegistana döwlet saparynyň ikinji gününde Samarkantda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu şäheriň iň meşhur künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna baryp gördi we onuň çägindäki desgalaryň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy.

Samarkant — syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän gözel künjekleriň şäheri. Onuň çäginde şeýle ýerlere her ädimde duşmak bolýar. Meşhur Registan meýdançasy bolsa Samarkandyň özboluşly nyşany hökmünde tanalýar.

«Türkmenistan»
Samarkant ş.