Türkmenistanyň Prezidenti Samarkantdaky meşhur obserwatoriýa baryp gördi

15 Iýul 2022
773

Şu gün Özbegistanda iki günlük döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy künjeginde — Samarkant şäherinde bolup, onuň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere baryp gördi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Ulugbegiň meşhur obserwatoriýasyna syn etmek bilen, orta asyrlara degişli bu özboluşly desganyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

«Türkmenistan»
Samarkant ş.