Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana sapar bilen geldi

14 Iýul 2022
734

Şu gün — 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji sapary mynasybetli doganlyk ýurduň Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny özbek tarapynyň resmi wekilleri garşyladylar.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.