Hoşniýetlilik, işjeňlik, ygtybarlylyk

15 Iýul 2022
625

13-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda energetika ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň işewürler toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de düzümleýin taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Munuň özi netijeli işewürlik gatnaşyklaryny, maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

«Nesil».