Türkmenistan 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmagy teklip edýär

14 Iýul 2022
788

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna 2023-nji ýyly «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrmak baradaky teklibi hödürleýär. Bu barada şu gün geçirilen ýokary derejeli Daşkent duşuşygynda habar berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek tarapynyň degişli başlangyjy goldajakdygyna ynam bildirdi.

  Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň şol bir wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edendigini-de nygtady. Türkmen tarapy bu teklibiň hem goňşy Özbegistan tarapyndan goldaw tapjakdygyna bil baglaýar.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.