Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasy: ileri tutulýan ugurlar

14 Iýul 2022
851

14-nji iýulda geçirilen Daşkent duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda nobatdaky saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy hem-de medeni taýdan umumylygyna, mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün etmekde aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Bilelikdäki Beýannamada türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän wezipeler dolulygyna beýan edilýär. Hususan-da, taraplar ýokary we iň ýokary derejelerde ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň, iki döwletiň daşary syýasy işini utgaşdyrmagyň hem-de häzirki zaman howplaryna we wehimlerine bilelikde garşy durmak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyzystanda geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetine-de aýratyn üns çekildi. Resminamada Özbegistanyň Prezidentiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçiriljek mejlisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy hem öz beýanyny tapdy.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.