Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministrini kabul etdi

14 Iýul 2022
489

Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Birleşen Arap Emirliklerine sapar bilen gelmek hakyndaky çakylygyny gowşurdy. Şeýle hem jenap Suheil Al Mazrui BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirip, Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyz bilen dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.