Türkmenistanyň Prezidenti Teýmirleňiň mawzoleýine baryp gördi

15 Iýul 2022
723

Şu gün Özbegistanda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ýene birine — Teýmirleňiň mawzoleýine baryp gördi. «Gur-emir» ady bilen meşhur bolan bu arhitektura ýadygärligi orta asyr Gündogarynyň naýbaşy binagärlik desgalarynyň biri hasaplanýar.   

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mawzoleýiň gurluşygy bilen bagly maglumatlar bilen tanyşdy.

«Türkmenistan»
Samarkant ş.