Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentdäki «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy

14 Iýul 2022
790

Şu gün — 14-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň maksatnamasyna laýyklykda, «Ýangi Uzbekiston» seýilgähinde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu ýere Daşkentde bolýan Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem ýygnandylar.

Ýadygärligiň etegine gül dessesi goýlup, hormat bildirilenden soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Garaşsyzlyk» ýadygärligi hem-de onuň aýratynlyklary barada maglumat berildi.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.