Türkmenistan we Özbegistan — sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň tarapdarlary

14 Iýul 2022
796

Merkezi Aziýa sebitinde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek şu gün Daşkentde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşiklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmegiň depginini çaltlandyrmagy, onuň çäginde iri halkara infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagyny, söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi, uzak möhletleýin esasda daşarky maýa goýumlary çekmegi sebiti yklymda ykdysady taýdan ösen merkezleriň birine öwürmek boýuça tagallalaryň üstünliginiň kepili hökmünde görkezdi.

Şu babatda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli syýasy mehanizmleriň, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze nusgalarynyň döredilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny hereket edýän we netijeli gural hökmünde görkezdi. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşinde duşuşyklaryň eýýäm üçüsi geçirilip, olar öz wagtynda guraldy.

«Türkmenistan»
Daşkent ş.