HABARLAR

Türkmenistan — Gyrgyzystan: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan milli Liderimize sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjynyň indi beýleki görnüşleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hem-de şu toparyň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministriniň orunbasary Ö.Hojanyýazowyň häzirki döwürde ýurdumyzdaky ýagdaý, bu ugurda geçirilýän anyk işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň aýdan hoşniýetli arzuwlaryny we azerbaýjan tarapynyň ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýan sözlerini döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Täze ajaýyp binalarymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadan durmuşynyň nyşanydyr

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy Lebap welaýaty, 23-nji iýun (TDH). Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady

Aşgabat — Türkmenabat, 22-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçup, biraz wagtdan soň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimiz mähirli garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 21-nji iýun (TDH). Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Mary welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer galla oragynyň alnyp barlyşy, ýetişdirilen hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.