HABARLAR

Daşoguzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi

Şu gün saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň nobatdaky tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy. Ýurdumyzda raýatlaryň erk-islegini erkin beýan etmegini kepillendirýän hem-de saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlarynyň demokratik ýörelgeler esasynda halkara kadalara laýyklykda düzgünleşdirilýän hukuk ulgamy kemala getirildi. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärler bellige alnan pursadyndan başlap erkin wagyz işlerini geçirmäge, saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň mümkinçiliklere eýe boldular. Saýlaw çäreleri aýanlyk we açyklyk esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy

Aşgabat, 20-nji fewral. Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär

Aşgabat, 19-njy fewral. Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak çäresi boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 18-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzhan” köşkler toplumyndan pyýadalap, Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Soňky ýyllarda Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Onuň derejesi ýokary halkara ölçeglere kybap gelmelidir.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Balkan, Lebap welaýatlary, 18-nji fewral. 12-nji martda boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde şu gün Balkan we Lebap welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärler hödürlenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde nygtaýşy ýaly, ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. Sebäbi ýaş nesil geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzy amala aşyrmalydyr, öňde goýlan beýik maksatlary we wezipeleri amala aşyrmaga hem-de ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüş ýoluny kesgitlemäge işjeň gatnaşmalydyr.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat

Aşgabat, 18-nji fewral. Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.

Türkmenistan halkara ähmiýetli ulag-logistika düzümini döretmegi çaltlandyrýar

Aşgabat — Ahal welaýaty, 17-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäreleri dowam edýär

Türkmenistanda örän möhüm jemgyýetçilik syýasy çärä — döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli alnyp barylýar. Häzirki wagtda syýasy partiýalar, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçiler toparlary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine mynasyp dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Olar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bellige alynýar. Aşgabat, 16-njy fewral. Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.