Aşgabat, 15-nji fewral. Şu gün döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara gelen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu gün iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ozal habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlemek Demokratik partiýanyň düýn geçen nobatdan daşary IX gurultaýynda biragyzdan makullanyldy. Gurultaýa delegatlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.