HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi Arkadag şäheri, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion esasda yzygiderli ösdürilmegine, ilata döwlet tarapyndan berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, welaýatlarda önüm öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasapla

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.