Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu günki gün biziň ählimiz parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga haklydyrys.
Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň görkezijisi bolup hyzmat edýär.