Aşgabat, 19-njy fewral. Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjowy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak çäresi boldy.