HABARLAR

Täjirçilik banklary — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistan — ösüşiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Biziň halkymyzyň halkara bileleşik bilen bilelikde giňden belläp geçen Bütindünýä saglyk gününiň şanyna geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga ýardam edýän bu möhüm senäniň hormatyna 7-nji aprelde Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn nesli terbiýelemek halkymyzyň gadymy ýörelgesidir

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi Aşgabat, 7-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem harby özgertmeleri, şol sanda Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça kesgitlenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berildi.

Ahalteke atşynaslygynyň nusgalyk däpleri baýlaşdyrylýar

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy Ahal welaýaty, 5-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil syýasaty ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň hereketlendirijisidir

Watanymyzyň taryhynda täze parlament düzümi bolan Halk Maslahatyna üstünlikli geçirilen ilkinji saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli we döwletimiziň demokratik, hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, hakyky halk häkimiýet ýörelgeleriniň tassyklanmagyna gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu edara milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine işläp taýýarlan hem-de amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň jemlerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş saparyna ugradyldy. Şeýle hem saparyň meýilnamasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak we Russiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekmek bellenildi. Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly, sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler b