HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de täjik halkynyň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi

Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda goňşy döwletiň Baştutany milli Liderimize kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň biwagt aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de owgan halkynyň adyndan medet beriji we ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, wise-premýerler M.Mämmedowany, M.Geldinyýazowy we Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.

Türkmenistanda türkmen bedewiniň we alabaýynyň goşa baýramy ilkinji gezek bellenildi

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyma

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar we itşynaslar!

Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap

Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.