Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.