HABARLAR

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 9-njy fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr bu düzüm tarapyndan ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda goşunlaryň dürli kysymlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, esgerleriň hem-de serkerdeleriň netijeli gullugy üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 8-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleri ýokary derejede geçirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji fewral. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby koreý dilinde neşir edildi

Aşgabat, 7-nji fewral. Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän gününde guralyp, dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen tanyşmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dowamy boldy.

Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar

Pekin — Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şu gün döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Bütindünýä Olimpiýa hereketine ygrarlylyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Pekin, 4-nji fewral. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň «ak» Olimpiadanyň — Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden köp sanly türgenleri bir ýere jemlän örän uly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mukamlar köşgünde dabara geçirildi

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi hem-de şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmak meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 1-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny geljekde has-da ösdürmek meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak kararyna gelendigini aýtdy.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!