Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy

28 Ýanwar 2022
1651

Aşgabat, 27-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir.

Türkmenistan milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we amala aşyrýar.

www.tdh.gov.tm