Aşgabat, 21-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýlan maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmak hem-de milli kanunçylygy döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna kybap getirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.