HABARLAR

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji mart. Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi. Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saýlawlaryň barşynda guralan medeni-köpçülik dabaralary bu taryhy ähmiýetli syýasy çäräniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşilendigini görkezýär.

Türkmenistan — Türkiýe: dost-doganlyk däplerine eýerip, parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalar we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Halklaryň medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy müňýyllyklaryň taryhyna uzap gidýän türki dilli döwletler, ilkinji nobatda bolsa, Türkiýe bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.

12-nji mart Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar günüdir

Türkmenistan möhüm wakanyň bosagasynda. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ildeşlerimiz üçin öz gapylaryny açmagyna az wagt galdy. Şol gün türkmenistanlylar öz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, raýatlyk borjuny berjaý ederler hem-de döwlet Baştutanyny saýlarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolar. Saýlawlar açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilip, halkymyz ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünmek bilen, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan iň mynasybyna ses berer. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH habar berlişi ýaly, saýlaw möwsüminde giň gerimli işler amala aşyrylyp, bu işe ähli derejedäki döwlet düzümleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri girişdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy mart. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi we onuň Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 10-njy mart. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol kanun çykaryjylyk işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni aýanlyk, açyklyk hem-de raýatlaryň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegi ýörelgeleri esasynda geçirmek üçin görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsleşik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Duşuşyklar jemgyýetçiligiň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär. Aşgabat, 9-njy mart (TDH). Şu gün Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 8-nji mart. Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär. Onuň çäklerinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, olara wagyz işlerini geçirmek üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Bu möwsümiň umumy kabul edilen halkara kadalara laýyklykda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we gelin-gyzlaryna

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar!

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatynda bolup, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanýarlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşyklar jemgyýetçiligiň, edaralaryňdyr kärhanalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň we ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär. Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.