HABARLAR

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň beýanydyr

25.11.2021. Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garamak, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirmek kararyna gelendigini aýtdy. Biziň alyp barýan energetika syýasatymyz netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz, şol sanda gaz pudagy hem yzygiderli ösýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan ýurdumyzda täze-täze gaz ýataklary açylyp ulanmaga berilýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzir pudagyň işini has netijeli guramak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak üçin öňde wajyp wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» esasynda degişli işler a

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy

20.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gezek hem milli Liderimiz şäherçäniň sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

19.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täzeçil strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli Aşgabat okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin has oňaýly döwrebap şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar we desgalar bilen ýetirilýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlary bolup durýar.

Täze «Erkin» seýilgähi Aşgabadyň ýaşyl lybasyna görk goşdy

19.11.2021. Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan «Erkin» atly täze, döwrebap seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda amatly durmuş şertlerini döretmek şäheri ösdürmegiň konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitledi. Şuňa görä, desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda seýilgäh zolaklaryny döretmek, şäheriň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän ekologik çäreleriň netijesinde paýtagtymyzy ajaýyp ýaşyl zolak büreýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

18.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi

18.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

17.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanyldy we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy. Babadaýhan dokma toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, gatnaşyjylary täze kärhananyň gurluşygyna başlanylmagy bilen gutlady we bu toplumyň sebitiň ykdysadyýetini döwrebap derejede ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamadygyny aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

16.11.2021. Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy. Brifinge ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Azerbaýjandan, Awstriýadan, Owganystandan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Fransiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Pakistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we Ukrainadan bolan žurnalistler duşuşyga sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň milli kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.