Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär

13 Aprel 2022
1828

Aşgabat, 12-nji aprel. Şu gün paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: “Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder” diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” beýan edildi.

www.tdh.gov.tm