HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12.12.2021. Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň—parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň hem-de ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, biziň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatymyz halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýadydyr. Turkmenistan gysga taryhy döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, halkara bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahata gatnaşdy

11.12.2021. Şu gün paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

10.12.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramçylyklarymyzyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

09.12.2021. Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Ugurdaş düzümi öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

04.12.2021. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

03.12.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

02.12.2021. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer assosiasiýanyň işi hem-de ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi

Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda durmuş goldawyna mätäç çagalara aýratyn üns berilýär. Ynsanperwerlik, ýagşylyk, birek-biregi goldamak ýaly asylly ýörelgeler asyrlarboýy türkmen halkynyň häsiýetleriniň özenini düzýär. Bu ýörelgeler çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepillikleri hem-de mätäç çagalaryň jemgyýete uýgunlaşmagyna, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga gönükdirilen ykdysady çäreler bilen utgaşyklylykda amala aşyrylýar.

Aşgabat sammiti dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýurdumyzyň başlangyjy boýunça yglan edilen 2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi. Geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmalaryna eýe boldy hem-de bu uly ähmiýetli waka degişli maglumat we habar beriş meýdançasyna öwrüldi.