29.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.