Köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta döwlet derejesinde örän uly üns berilýän sagdyn jemgyýetli, sagdyn raýatly ýurtda ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýandygy aýdyň hakykatdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýä ýüzünde şeýle ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun alýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çuň many-mazmunly taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiziň: «Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip, aýratyn nygtap geçmegi hem muny doly tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda bedenterbiýedir sport bilen meşgullanýan çagalaryň we ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy guwandyryjydyr. Bu türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giň gerime eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdiriler» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar.