Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy ugrudyr

11 Dekabr 2021
1334

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Ugurdaş düzümi öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipedir. Şunda ekologiýa, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

www.tdh.gov.tm