HABARLAR

Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar

Pekin — Aşgabat, 5-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şu gün döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady.

Bütindünýä Olimpiýa hereketine ygrarlylyk Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Pekin, 4-nji fewral. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň «ak» Olimpiadanyň — Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden köp sanly türgenleri bir ýere jemlän örän uly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzda sporty ösdürmäge we wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mukamlar köşgünde dabara geçirildi

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi hem-de şu ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝUNESKO-dan degişli güwänamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmak meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 1-nji fewral. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň ugurlaryny geljekde has-da ösdürmek meseleleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak kararyna gelendigini aýtdy.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 31-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi bilen bagly wezipelere hem-de döwletimiziň durmuşyna degişli käbir wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewi hem-de M.Mämmedowany çagyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 27-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy

Aşgabat, 27-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly senä — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi bellärliklidir. Türkmenistan milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar we amala aşyrýar.