HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg, 28-nji dekabr (TDH).  Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyna ugrady. Milli Liderimiz Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Sankt-Peterburg, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaralar geçirildi

28.12.2021. Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. 2022-nji ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan çärä Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň, bilim we ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

27.12.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, milli Liderimiz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. 2022-nji ýylyň şygary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.

Döwletliler köşgüniň çagalaryna milli Liderimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

27.12.2021. Şu gün paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşuryldy. Ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, maşgala gymmatlyklary hem-de belent ruhy taglymlary mynasyp dowam etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de milli ynsanperwer däplere esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi we zehin-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi

25.12.2021. Şu gün Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändiginiň, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24.12.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iş saparlarynyň amala aşyrylandygyny, şolaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanşylandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistan «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, şol sanda dünýäde koronawirus ýokanjy boýunça emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, oňaýly arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi. Türkmenistanyň ozal Russiýanyň «Sputnik V» hem-de «EpiWakKorona» sanjymynyň ulanylmagyny makullan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny bellemek gerek. «Sputnik Laýt» sanjymynyň bellige alynmagy türkmen lukmanlarynyň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy hereket etmek babatda Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy wirusologiýa merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: «Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy möhüm wezipedir»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde durýan howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Soňky döwürde bu babatda kabul edilen halkara resminamalar bar bolan gurallary pugtalandyrmaga ýardam eder. YHG agza ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň 14-nji bölümine laýyklykda, daşky gurşaw hem-de howanyň üýtgemegi, howplaryň döremeginiň töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, agza döwletleriň bu ulgamdaky sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli anyk gurallaryny döretmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi

22.12.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garady hem-de degişli resminamalara gol çekdi.