HABARLAR

Türkmenistanda döwrebap aragatnaşyk ulgamlary çalt depginlerde ornaşdyrylýar

Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär 10.11.2021. Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrini kabul etdi

09.11.2021.  Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, awstriýaly hyzmatdaşlaryň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Pagta ýygymynyň öňdebaryjylary

«Ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda pagta taýýarlamak baradaky öňde goýan beýik maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barha ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň zähmet depginleriniň ýokarydygyny äşgär edýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň pagtaçylary Watan harmanyna 12 müň 500 tonnadan gowrak, Ak bugdaý etrabynyň hasyl ussatlary 43 müň 300 tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.

2021-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen netijeli-syýasy hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Syn berilýän aýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de abraýly guramalar bilen geçiren duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri, işewürlik gepleşikleridir forumlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

06.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

05.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýubileý ýylynyň 10 aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we hödürlenen resminamalara seredildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri hem-de şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy. 2021-nji ýylyň 10 aýynda öndürilen önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim artdy. Bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri 14,6 göterim artdy.

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

 04.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygyny we azyk bolçulygyny üpjün etmek köp babatda bu ulgamyň üstünliklerine baglydyr.

Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalary birleşdirýär

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

03.11.2021. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge hem-de Milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.