04.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygyny we azyk bolçulygyny üpjün etmek köp babatda bu ulgamyň üstünliklerine baglydyr.